MAŞGALA MUKADDESLIGI — HALKYMYZYŇ MILLI TERBIÝESINIŇ GÖNEZLIGIDIR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň etrap jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Bereket etrap haly fabriginiň mejlisler zalynda edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda maşgala mukaddesligine we gymmatlyklaryna hormat, ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen “Maşgala mukaddesligi — halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler parasatly pederlerimiziň ynsanperwerlige beslenen durmuş ýörelgeleridir pent-nesihatlary bu günki günde ýaşlarymyz üçin örän uly milli mekdep bolup durýandygy, türkmen ýaşlarynyň ähli ugurlarda maşgala däplerine eýermekleriniň jemgyýetiň sagdyn bolmagynda, ösen jemgyýetiň kemala gelmeginde esasy ornuň degişlidigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Bereket etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar