Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen aýdym-sazly çykyşlar, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Sport — sagdynlygyň girewi» atly sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirilip, onuň netijeleri esasynda ýeňiji bolan çagalara TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň mynasyp bilim-terbiýe almagy, ylym öwrenmegi, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy ugrunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy
etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.