HOŞ GAL, ÇAGALAR BAGYM!

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda 2–nji bakja-bagyny tamamlaýan uçurym körpeleriň gatnaşmagynda «Hoş gal, çagalar bagym!» ady bilen aýdym–sazly çäre geçirildi.

Şatlyk-şowhuna beslenen bu çärä çagalar baglarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçileri, täze okuw ýylynda ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek körpeler, olaryň ata-eneleri we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bagtyýar körpeleriň owazlary parahatçylygyň, abadan durmuşyň we altyn geljegiň owazy bolup ýaňlandy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar körpeje nesillere ak ýol arzuw edip, bagtyýar nesilleriň ýagty geljegi ugrunda irginsiz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Alfiýa ŞEMMIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Iýun 2025 | 1 okalan

GYZYKLY GEÇEN SPORT BÄSLEŞIKLERI

23 Iýun 2025 | 1 okalan

KITAP — KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY

23 Iýun 2025 | 1 okalan

HER BIR SÖZÜŇ EDEP MAŇA