Meýletinçiler Merkezinde tehnologiýalara, žurnalistika, dizaýna we Startuplara gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk ýaşlaryň özara pikir alyşmagyny üpjün etmek, täze başlangyçlary goldamak we innowasiýa esasly taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik döretmek maksady bilen geçirildi.
Duşuşyga meýletinçi ýaşlar, hünärmenler we tejribeli IT bilermenler gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda sanly tehnologiýalaryň häzirki ösüşi, žurnalistikanyň sanly giňişlikdäki orny, döwrebap dizaýn başarnyklary we telekeçilik başlangyçlary barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.
Duşuşykda Startup bilen gyzyklanýan ýaşlar öz taslamalarynyň meýilnamalary barada çykyş etdiler. Tejribeli hünärmenler bolsa Startup taslamasynda üstünlik gazanmagyň ýollary barada maslahat berdiler.
Merdan ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we
meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň
Telekeçilik we meýletinçilik işleri boýunça hünärmeni.