ÝAŞLAR WE TELEKEÇILIK

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekligi dowam etmek, şeýle hem «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, meýletinçilik işini guramaga we amala aşyrmaga gönükdirilen ýaşlar başlangyçlaryny ösdürmek we goldamak, meýletinçilik hereketini bitewilikde, onuň maksatnamalaryny, aýratyn çärelerini maglumat taýdan goldamagy amala aşyrmak hem-de olaryň ilerlemegine ýardam etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi döredildi. Bu Merkeziň düzüminde 5 sany bölüm döredildi we bölümleriň meýilnamasy tassyklandy.

«Ýaş žurnalistiň sesi» atly bölümde žurnalistika höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we bu ugurda özara tejribe alyşmak, «Ýaş dilmaçlar we halypalar» atly bölümde dünýäniň daşary ýurt dilleri we ony tejribelik usullary arkaly öwrenýän hem-de bu ugurda iş salyşýan ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak, şeýle hem özara tejribe alyşmak, «Ýaşlar we sanly mümkinçilikler» atly bölümde sanly ulgam - maglumat tehnologiýalary bilen meşgullanýan ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak we özara tejribe alyşmak, «Ýaş şahyrlar we edebiýatçylar» atly bölümde söz sungaty bilen meşgullanýan ýaş edebiýatçylaryň, goşgydyr şygyr düzýän ýaş şahyrlaryň ukyp-başarnyklaryny, söz we dil baýlygyny artdyrmak, olaryň dünýägaraýyşlaryny giňeltmek we bu ugurda özara tejribe alyşmak, «Telekeçilik pudagynda ýaş startapçylar» atly bölümde telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak we bu ugurda özara tejribe alyşmak maksady bilen meýilnamada ýerine ýetirmeli çäreler meýilleşdirildi.

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda telekeçilik işi bilen meşgullanýan we telekeçilige höwesli ýaşlaryň arasynda maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda hususy pudaga döredilýän şertler we mümkinçilikler dogrusynda ýaşlar özara pikir alyşdylar we tejribelerini paýlaşdylar.

 

Begmuhammet MEREDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Fewral 2025 | 895 okalan

ÝAŞLAR WE TELEKEÇILIK