Ýakynda Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda Türkmenbaşy jins toplumynda “Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr” atly şygar astynda Türkmenbaşy jins toplumyna tejribelige gelen talyp ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ýangyn, elektrik enjamlarynyň howpsuzlyk talaplaryny her bir işçiniň bilmelidigi we talabalaýyk berjaý etmelidigi barada gürrüň edildi. Howpsuzlyk talaplarynyň dogry berjaý edilmedik halatynda ýüze çykyp biljek ýagdaýlar dogrusynda aýdyldy.
Duşuşygyň ahyrynda raýatlaryň abadan durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Batyrgeldi MYRADOW,
Türkmenbaşy jins toplumynyň
ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.