Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň guramagynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda 3-5-nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda «Merdana nesil-2024» atly şadyýan bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşik jemi üç şertden ybarat boldy. Birinji şertde gatnaşyjylar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgüsini çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Ikinji şertde ýekelikde şorta sözi ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bolsa bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-saly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Eminleriň beren bahalaryna görä baýrakly orunlara mynasyp bolan çagalara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşler, durmuşa geçirilýän uly işler üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülaýym AŞYROWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.